Azatlyk Radiosy
Azatlyk metbugat erkinliginiň çäklendirilýän şertlerinde halkyň sesini eşitdirýän garaşsyz mediadyr.
02/02/2026
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio we ýörite wekil Serjio Gor 30-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Merkezi Aziýada sebit howpsuzlygyny hem-de ykdysady ösüşi berkitmek boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy özüniň intagram sahypasynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekiliniň birinji orunbasary Tommi Pigot tarapyndan berlen maglumata salgylanyp habar berýär.
Döwlet sekretary Rubio türkmen baş diplomaty bilen gepleşdi ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio we ýörite wekil Serjio Gor 30-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy özüniň intagram sahypasynda ABŞ-nyň Döwlet departamentin...
27/01/2026
Türkmenistanda harytlar we hyzmatlar gymmatlap, döwlet tarapyndan tölenýän aýlyklaryň, pensiýalaryň we beýleki tölegleriň öňküligine saklanmagy bilen ilat köpçüliginiň durmuş şertleriniň agyrlaşýan wagtynda hökümetiň pensiýalary ýatyryp biljekdigi barada howatyrlanmalar artýar.
https://www.azathabar.com/a/sosial-ulgamlarda-pensiya-barada-maglumat-il-icinde-pensiyalaryn-yatyrylmagy-barada-gorky-doreyar-/33661087.html
Türkmen resmileri şeýle planlary yglan etmedik hem bolsa, türkmenistanlylar şeýle tejribäniň göni 20 ýyl mundan ozal eýýäm bolandygyny ýatlaýarlar.
Soňky wagtlarda il içinde ýurtda hökümet tarapyndan ilata kanun taýdan kepillendirilen sosial üpjünçiligiň geriminiň gysgaldyljagy baradaky gürrüňler köp edilýär diýip, Azatlygyň habarçylary belleýärler.
"Hökümete ýakyn habar serişdeleriniň dünýä ýurtlaryndaky pensiýa üpjünçiligi baradaky tarapgöý wideolary ilat arasynda köp soraglary döredýär" diýip, habarçymyz bilen pikirini paýlaşan aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.
16/01/2026
Türkmenistanyň Eýran bilen serhedine golaý ilatly nokatlarda ilatdan 'Starlink' aragatnaşyk ulagymyny ulanmazlyk talap edilýär. Howpsuzlyk güýçleri muňa gözegçilik edýär
https://www.azathabar.com/a/eyran-bilen-serhede-golay-yerlesyan-turkmen-obalarynda-starlink-ulanyjylar-gozlenyar-/33650390.html
"Garrygaladan Hazar şäherçesine çenli aragatnaşyk hünärmenleri polisiýanyň we MHM-niň işgärleri bilen bilelikde "Starlink" sputnik internetiniň enjamlaryny gözleýärler. Serhetýaka ilatdan 'Starlinki' ulanmazlyk barada dilhatlary alynýar" diýip, bu ýagdaýdan gönüden-göni habarly çeşme gürrüň berdi.
Bu ýagdaý Eýranda dowam edýän hökümete garşy protestleriň arasynda Tähranyň ýurtda interneti petiklän wagtyna gabat geldi.
15/01/2026
Iki sürüji, Aşgabatdan "Awaza" dynç almaga barýan ene çagasy bilen ýolda öldi
https://www.azathabar.com/a/iki-suruji-asgabatdan-awaza-dync-almaga-baryan-masgalanyn-agzalary-yolda-jan-berdi/33648797.html
Azatlygyň çeşmesi we habarçysy Türkmenistanyň ýollarynda bolýan, ýöne döwlet eýeçiligindäki metbugatda habar berilmeýän köçe-ýol hadysalarynyň ýene bir maşgalanyň gapysyny ýapandygyny habar berýär. Bu hadysa Türkmenistanda düzgün bozan sürüjilere salynýan jerimeleriň 300%-e çenli ýokarlandyrylan wagtynyň yz ýanynda boldy.
Ahaldaky habarçymyzyň anyklamagyna görä, 2026-njy ýyla geçip, maşgala bolup dynç almak üçin, bir çagaly är-aýal 2-nji ýanwar güni irden, şahsy ulag bilen, Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine tarap ýola çykýar.
“Awaza” milli dynç alyş zolagyna barýan maşgalanyň ähli agzasy, 1,5 ýaşyndaky çaga bilen onuň ejesi we kakasy Balkan welaýatynyň Gumdag etrabyndaky gara ýolda heläk bolupdyr diýip, 10-njy ýanwarda Aşgabadyň “Parahat -7” etrapçasynda bolup, merhumlaryň ýedisine görnen ýaşaýjy aýtdy.
“Heläkçilige uçran ulagda bir zenan we adamsy, olaryň bir ýarym ýasyndaky çagasy wepat boldy. Aýdylmagyna görä, ulag ýokary tizlikde barýan wagtynda, Balkan welaýatynyň Gumdag etrabynyň gara ýol böleginde garşydan gelýän ulag bilen pete-pet çakyşypdyr. Garşydan gelen ulagyň sürüjisi hem wepat bolupdyr” diýip, ýaşaýjy aýtdy
13/01/2026
Türkmenistanyň Eýran bilen serhetleşýän sebitlerinde howpsuzlyk işgärleriniň sany göz-görtele köpeldi
https://www.azathabar.com/a/turkmenistanyn-eyran-bilen-serhetlesyan-sebitlerinde-howpsuzlyk-isgarlerinin-sany-goz-gortele-kopeldi/33646904.html
Türkmenistanyň günortada ýerleşýän goňşusy Eýrandaky köpçülikleýin protestleriň fonunda, türkmen häkimiýetleriniň bu ýurt bilen serhetýaka sebitlerde howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmegi dowam edýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji ýanwarda Ahal welaýatyndan maglumat berdi.
Bu aralykda, goňşy ýurtdaky protestler barada haýsydyr bir beýanat ýaýratmaýan Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň DIM-de Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk geçirilendigini habar berdi.
“Häzirki günlerde göräýmäge ýagdaý parahat, ýöne häkimiýetleriň güýçlendirilen gözegçiligi Ahalyň Sarahs, Kaka, Altyn Asyr, Ak bugdaý etraplarynda has içgin göze ilip başlady. Hususan-da, Sarahsdaky ýollarda we bazarlarda polisiýa işgärleriniň sany göz-görtele artdy. Şeýle-de, raýatlaryň pasportlarynyň we beýleki dokumentleriniň barlanmagy hem köpeldi” diýip, sarahsly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
12/01/2026
ABŞ-nyň harby çäre görmek haýbatlary we protestlerde ölenleriň sanynyň artmagy bilen, Tramp Eýranyň gepleşik geçirmek isleýändigini aýdýar
Birleşen Ştatlaryň Tähranyň hökümete garşy köpçülikleýin protestleri rehimsiz basyp ýatyrmagyna jogap hökmünde harby çäre görmek baradaky haýbatlary bilen baglylykda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň ýolbaşçylarynyň Waşington bilen gepleşik geçirmäge çalyşýandygyny aýtdy.
“Eýranyň liderleri jaň etdiler” diýip, Tramp 11-nji ýanwarda “Air Force One” uçarynda žurnalistlere aýtdy.
Ol sözüniň üstüni ýetirip, “duşuşyk gurnalýar... Olar gepleşik geçirmek isleýärler” diýdi.
Emma muňa garamazdan, Tramp anyklaşdyrman, “Biziň duşuşykdan öň hereket etmeli bolmagymyz hem mümkin” diýdi.
https://www.azathabar.com/a/abs-nyn-harby-care-gormek-haybatlary-we-protestlerde-olenlerin-sanynyn-artmagy-bilen-tramp-eyranyn-geplesik-gecirmek-isleyandigini-aydyar/33645779.html
08/01/2026
Balkanyň häkimiýetleri ilat bilen ýygnaklary geçirip, arz-şikaýatlary bes etmegi talap edýär
Balkanyň häkimiýetleri şu günler ilat bilen wagyz-nesihat ýygnaklaryny geçirmek işlerini batlandyrdylar. Bu waka, ilat arasynda ýurtda zähmet we pensiýa haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň 10% köpeldilmezligine garşy nägilelikleriň artýan mahalyna gabat geldi. Ýygnaklarda raýatlardan arz-şikaýatlary bes etmek hem talap edilýär.
Bulara gatnaşan balkanlylaryň, hususan-da, pensionerleriň ençemesiniň aýtmagyna görä, MHM we kazyýet ofiserleri öz çykyşlarynda “raýatlaryň arz etmeginde daşarky täsirleriň bardygyny” hem öňe sürdüler.
https://www.azathabar.com/a/balkanyn-hakimiyetleri-ilat-bilen-yygnaklary-gecirip-arz-sikayatlary-bes-etmegi-talap-edyar/33643112.html
06/01/2026
COVID-19 bilen kesellänleriň öz giňişliginde düýpden bolmandygyny öňe süren tas ýeke-täk ýurt hasaplanýan Türkmenistan global pandemiýanyň ýatyrylanyna 2,5 ýyldan gowrak wagt geçen hem bolsa, daşary ýurtlardan gelenlerden koronawirus barlagyndan geçmegi talap etmegini dowam etdirýär. Emma Aşgabadyň halkara aeroportunda birnäçe ýyl bäri saklanýan bu barlag üçin alynýan töleg ýokarlanypdyr.
https://www.azathabar.com/a/turkmenistan-dasary-yurtdan-gelenlerden-covid-19-synagyny-talap-etmegi-dowam-edyar/33641155.html
05/01/2026
TÜRKMENISTANDA AÝLYKLAR, PENSIÝALAR ŞU ÝYL ÝOKARLANDYRYLMADY, ILATYŇ ALADASY ARTÝAR
Täze ýylyň başynda pensiýalaryna, maýyplyk we çaga üçin döwlet töleglerine garaşan türkmenistanlylar onuň mukdarynyň üýtgemändigini bilip galdylar. Ençeme ýyl bäri aýlyklar, pensiýalar we beýleki sosial goldaw tölegleri her ýylyň başynda 1-nji ýanwarda 10% ýokarlandyrylýardy. Bu düzgüniň ýatyrylmagy barada resmi habar berilmeýärkä, ilat arasynda aladalanma güýçlenýär.
03/01/2026
Tramp Maduronyň tussag edilendigini yglan etdi, Russiýa we Eýran ABŞ-nyň hüjümini ýazgardy
29/12/2025
Soňky günlerde Türkmenistanda amerikan dollarynyň resmi kursdan bäş esseden ýokary bolan gara bazardaky nyrhy uzak wagtdan soň birden peselipdir.
Türkmenistanda dollaryň 'gara bazar' nyrhy birden peseldi Türkmenistanda milli puluň daşary ýurt walýutalary babatyndaky resmi nyrhy 10 ýyl bäri üýtgedilmän galýan hem bolsa, onuň gara bazardaky nyrhy üýtgäp durýar. Soňky günlerde amerikan dollarynyň resmi kursdan bäş esseden ýokary bolan gara bazardaky nyrhy uzak wagtdan soň birden ...
29/12/2025
2025-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalanyň, Berdimuhamedowlar maşgalasynyň ýene bir wekili Oguljahan Atabaýewa işjeň orun alyp başlady.
Öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy, şeýle-de häzirki ýurt baştutanynyň aýal dogany Atabaýewa, resmi ýokary döwlet wezipesiniň ýokdugyna garamazdan, Türkmenistanyň adyndan daşary ýurt resmilerini garşylaýar, daşary döwletere saparlary amala aşyrýar, dürli ýygnakdyr-konferensiýalary geçirýär.
Ýylyň jemleri: Türkmenistany dolandyrýan maşgalanyň ýene bir agzasy syýasy sahna goşuldy -Oguljahan Atabaýewa 2025-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalanyň, Berdimuhamedowlar maşgalasynyň ýene bir wekili Oguljahan Atabaýewa işjeň orun alyp başlady. Öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy, şeýle-de häzirki ýur...
Klikněte zde pro získání vašeho sponzorovaného zápisu.
Kategorie
Telefon
Internetová stránka
Adresa
RFE/RL Vinohradska 159A Praga
Praha
10000