Community of Turkmen students

Community of Turkmen students

Comments

Get an International UK Bachelor degree
1. Business Administration
2. Information Technology
3. Accounting & Finance
4. And many more
LOW TUITION FEES + FULLY ONLINE AND DISTANCE LEARNING
With the current lock-down, study via online and get your degrees via distance learning first.
Continue your Work and Study part-time !
Multiple majors and Universities
Interested please fill up the form below or email us at: [email protected]
We invite you to get an education in the Kharkiv National Agrarian University named after V.V. Dokuchaev (Ukraine) with a degree in Economics
Как сэкономить и купить дешевый крупно рогатый скот???

Многие пытаясь сэкономить ищут дешевый скот, даже готовы покупать ради этого без документов и без проверок анализов и без 30 ти дневного карантина.. Мы занимаемся продажей крупно рогатого скота более 7 лет, поступает очень много запросов на покупку КРС. Люди покупая животных вот такие запросы нам делают "сколько стоят документы", "я хочу купить документы племенные", "мне не нужен карантин" итд... Люди пытаясь сэкономить готовы купить животных без проверки анализов, самый дешевый крупно рогатый скот (и это у них самая первая и важная задача) а дешевый скот обычно бывает отсталым в развитие, с подозрительным здоровьем. Поэтому выскакивают разные болезни (ящур, бурецелез, туберкулез) в регионах и раионах идут массовые истребления животных, сжигание крупно рогатого скота.... От этих вспышек болезней страдают крупные производители, частные производители, они не могут продовать произеведенную продукцию по рыночной цене, обычно вынуждены отдавать за копейки, а это вредит всей агро отрасли целеком...
Эксперимент ПИРАМИДА.
Приглашают к участию. Телепатическая передача знаков
28 апреля 2018 в 17:00 по Гринвичу.

🌎👫👫 ALLATRA International Public Movement and volunteers of ALLATRA TV invite everyone who wants to join the experiment PYRAMID, which will be held on April 28 2018 ⏳5 pm Greenwich Mean Time. 😉👆
yabancılar için çok uyguna özel sağlık sigortası. Hisar sigorta olarak Türkiye genelin de 25 şubemizle sizlere hizmet vermekten mutluyuz.
18-25 yaş arası 75TL
26-30 YAŞ arası 95TL diğer yaş grupların fiyatlarını resimde öğrenebilirsiniz.
iletişim için 05060641111
“KIIT University India Scholarships Program (KUISP)” for academically inclined international students for pursuing higher professional education at KIIT University with half scholarships.(www.kiit.ac.in)

Come study in India!!

Interested applicants can mail me.
For more information please mail @ [email protected]

Türkmençe, Türkmence, Turkmen Milli eğitimi geliştirmek! (TKM) Bu bir resmi sahypa däldir we ähli hereketleri kanuna uýgundyr.

(TR) Bu topluluğun genel amacı Türkmen dilindeki bilimsel bilgileri paylaşmak, çoğaltmak, bilimsel araştırmaları, toplantıları, tartışmaları yapmak! Maksat Türkmen dilindäki ylmy maglumatlary, makalalary artdyrmak we paylaşmak aýratynda dünýä Türkmenlerini Türkmen elipbiýi we Türkmençe ylmy maglumatlar bilen mümkingadar üpjün etmekden ybaratdyr! Sahypamyzda pikirlerinizi erkin beýan edip bilersini

21/12/2019

"Eziz oglum, mähriban gyzym!
Oka! Öwren! Döret!"
Türkmenbaşy - bir döwrüň iň beýigi!
Soňsyz Küýseg we minnet bilen ýatlaýarys!
Goý, Beýik Biribaryň güller dolysy bahary sowulmaýan bakjasy ýurduň bolsun!

02/12/2019

Günüň karikaturasy (gülkünçşekli)

01/12/2019

Günüň degişmesi
*
Karikatura (gülkünçşekil) möwsümimizi başlatýarys!

20/06/2019

Söýgi ynsanlygyň nyşanydyr. Taňry peşgeşidir. Dünýädäki barlyklar bahasyna ýetmez. Asla könelmez we kirlenmez. Türkmen watansöýerligi bilen belentdir. Her zatdan beter ene topragyny we enesini, ata watanyny hem-de atasyny söýer! Milletini söýer, milletinden söýer! Gardaşyny we garyndaşyny söýer!
Halmyrat atabeg

05/05/2019

Diplom ykrar etmek : Täze düzgün
* Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 16-njy martynda çykaran 1176-njy Karary bilen “Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibi” tassyklanyldy.
* Şu Tertibi ulanmak boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Gözükdiriji işlenilip taýýarlanyldy we 2019-njy ýylyň 29-njy martynda 80 belgili buýruk bilen tassyklanyldy.
* Hünärler boýunça bildirilýän talaplar mundan beýläk daşary ýurtlara okuw maksatly gidýänlere degişli bolup durýar. Ýagny, hünär bilimini almak üçin 16.03.2019ý. senesinden soňra okuwa girýänlere degişlidigini ýene bir gezek belläp geçeýin.
* - Heniz hünär bilimine başlamandygy sebäpli şu bildirilýän talaplar dil taýýarlygyny okaýanlara hem degişli bolup durýar.
* Dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň 2019-njy ýyl üçin kesgitlän sanawyna giren daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriň atlary “The Times Higher Education World University Rankings” halkara guramasynyň resmi internet sahypasynda elýeterlidir.
* Mundan beýläk okuwa gitjekler üçin okuwlaryň gündizki (önümçilikden aýrylmak şerti bilen) görnüşinde bolmalydygyny biz belläp geçdik.
* 2014-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndan öň okuwa girip, okuwyň gaýybana görnüşi boýunça okuwy tamamlap alnan Resminamalar, gaýybana okuwyny okamak üçin bildirilýän talaplar doly berjaý edilen bolsa ykrar edilýär.
* 2014-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli okuwyň gaýybana görnüşine daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerine girenler, okuwa girmezden öň başlangyç ýa-da orta hünär bilimi bolup, iki ýyldan az bolmadyk iş tejribesiniň binýadynda hünär bilimini ýokarlandyrmak maksady bilen okuwyň gaýybana görnüşine okuwa girenler, okuwy tamamlanyndan soňra iş berijisiniň towakganamasy esasynda diplomy ykrar emek meselesine serediljekdigini bellemek isleýärin.
Çeşme: atavatan-turkmenistan

17/03/2019

ÝANDYRMA BEÝLE

Eşit meniň arzym, hormatly ene,

Ene, men dertlini ýandyrma beýle!

Ak süýdüň emmişem men gana-gana,

Ene,men dertlini ýandyrma beýle!
*

Hatara çekilen ýükdür, ner degil,

Meýdanda dökülen läşdir, ser degil,

Namysyn tutmagan kişi är degil;

Ene men dertlini ýandyrma beýle!
*

Eliňde pyýala ganyma dolsun,

Yşkyňdan gül meňzim sargaryp solsun!

Ýanyp-köýüp, istihanym kül bolsun,

Ene, men dertlini ýandyrma beýle!
*

Barmagymda ýüzük, tylla gaşlydyr,

Içimde ot ýanyr, gözüm ýaşlydyr,.

Rehm eýle ejize, gara saçlydyr,

Ene, men dertlini ýandyrma beýle!
*

Bir maňa ýetip siz öwliýäler düýnäp,

Meni heläk etme, öldürme gynap,

Ýa görjek bolýarmyň yşkymy synap?..

Ene, men dertlini ýandyrma beýle!
*

Gije-gündiz ýalbarar men habyba,

Syrym aýtma derdim bilmez tebibe,

Şasenem diýr, men gider men Garyba,

Ene men dertlini ýandyrma beýle!

(ŞASENEM-GARYP)

23/12/2018

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ýatlama!

Serdar ýüreklerde baky ýaşar!

Türkmenistanyñ ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny ýatlap 21.12.2006 21.12.2018 Doslaryňyz bilen paýlaşmagy unutmaň Hanoglu MEDIA

04/08/2018

Türkiýe Respublikasyna ýokary bilim almak üçin geljek raýatlaryň, ilçihananyň konsullyk bölümine wize üçin tabşyrmaly resminamalarynyň sanawy:*
* degişli maglumat fotosuratda berlen

01/08/2018

Türkiýe Respublikasyna Türk dilini öwrenmek üçin geljek raýatlaryň, ilçihananyň konsullyk bölümine wize üçin tabşyrmaly resminamalarynyň sanawy:
1. www.visa.gov.tr online anketa
2. Azyndan 6 aý möhletli kursa kabul edilendigi baradaky haty we kopýasy
3. Ýaşaýan ýerinden tassyknama we maşgala düzimi barada tassyknama
4. Jenaýat jogapkärçiligine çekilip çekilmändigi barada resminama
5. Saglyk ýagdaýy barada lukmançylyk güwänamasy
6. Okajak döwründe ähli çykdajylarynyň Türk raýaty tarapyndan tölenjekdigi barada borçnama (sponsor) we aýlyk haklaryny görkezýän resminama ýada ene-atanyň aýlyk haklaryny görkezýän resminama
7. Dogulyş şahadatnamasy we kopýasy
8. Orta bilim hakynda şahadatnama (attestat) we kopýasy
9. 2 pasport we kopýalary
10. 2 sany surat (5x6)
11. Kömillik ýaşyna ýetmedikler üçin ene-atasyndan daşary ýurda gitmäge razylyk haty we kopýasy
12. 60$
Gerekli bolan resminamalar bilen ilçihanamyzyň konsollyk bölümine kursyň başlamazyndan azyndan bir aý öňinden ýüz tutmaly.

20/02/2018

Migrasiýa bilen baglanşykly käbir soraglara jogaplar
Sorag: Hemişelik ýaşamaga Türkmenistandan gitmek üçin raýatlaryň arzalaryna garamagyň möhleti näçe?
Hemişelik ýaşamaga Türkmenistandan gitmek üçin Türkmenistanyň raýatlarynyň arzalaryna garamagyň möhleti üç aýdan geçmeli däldir.

Sorag: Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnama näçe möhlet bilen resmileşdirilip berilýär?
Ýaşamak üçin ygtyýarnama daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçmäge hukuk berýän resminamalarynyň möhletine laýyklykda bäş ýyla çenli möhlet bilen berilýär.

Sorag: Haýsy halatlarda adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilip bilner?
Eger-de
1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berjaý etmegi hem hormatlamagy özüne borç edinse;
2) Türkmenistanyň döwlet dilini gep alyşmagyň çäklerinde bilýän bolsa;
3) soňky 7 ýylyň içinde Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan ýeri bar bolsa;
4) Türkmenistanyň çäginde gün-güzeran görmeginiň kanuny çeşmesi bar bolsa

Sorag: Hususy çakylygy almak üçin tölegiň möçberi?
Adaty tertipde 50 manat,gyssagly tertipde 100 manat.

Migrasiýa bilen baglanşykly beýleki habarlarymyzy okamak üçin:
Migrasiýa Gullugy : Bäş Sorag- Bäş Jogap
http://www.atavatan-turkmenistan.com/news_details.php?news_id=MTI5Ng==

Migrasiýa Gullugyndan: Köp Soralýan Soraglara Jogaplar
http://www.atavatan-turkmenistan.com/news_details.php?news_id=MTI4Nw==

Migrasiýa Gullugyndan Daşary ýurtlarda okaýan talyplara
http://www.atavatan-turkmenistan.com/news_details.php?news_id=MTI4MA==

Habarlaşmak üçin
Atavatan Danışmanlık LTD
Stambul, Güneşli Mah, Kırazlı Cad. Önka İş Merkezi, N 8 D/116, Güneşli-Stambul
E: Mail Adres : [email protected]
Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)
Telefon : +90 212 550 61 49 (Türkiye)

17/02/2018
16/02/2018

Diplom Ykrar Etmek : Peýdaly Maglumat
Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň maglumat tagtasyna ýerleşdirilen maglumata laýyklykda, Höküketara ylalaşyk esasynda döwlet tarapyndan daşary ýurt döwletlerine okuwa ugradylan raýatlar ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalarynyň Türkmenistanyň çäginde ykrar edilendigi baradaky Ykrar şahadatnamasyny almak üçin Türkmenistanyň döwlet edaralarynda işleýändigini tassyklaýan kepilnama getirmeli.
Işe ýerleşmek üçin Ykrar şahadatnamasy talap edilen halatynda raýatyň Türkmenistanyň Bilim ministirligine ýüz tutmagy boýunça ýokary ýada orta hünär bilimi hakyndaky resminamasynyň ykrar edilendigini tassyklaýan Güwähat berilýär.
Hökümetara ylalaşyk esasynda Döwlet tarapynda daşary ýurt döwletlerine okuwa ugradylan raýatlara Türkmenistanyň döwlet edaralarynda işleýändigini tassyklaýan kepilnama getiren halatynda ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalarynyň Türkmenistanyň çäginde Ykrar edilendigi baradaky şahadatnamalary beriler.
*
Ynanç haty bilen Diplom Ykrar Etmek
Türkmenistanyň Bilim ministirligine daşary ýurt döwletlrinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary ykrar etdirmek ýa-da Ykrar şahadatnamasyny almak üçin raýatyň özi raýat pasportynyň asyl nusgasy bilen ýüz tutmaly.
Raýat harby gullukda bolan ýa-da dürli sebäplere görä gelip bilmeýän ýagdaýynda Türkmenistnyň Bilim mininistirligine daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary ykrar etdirmek ýa-da Ykrar şahadatnamasyny almak üçin ynanylýan adama raýatyň özi tarapyndan berlen Döwlet notorial edarasynyň tassyklanan ýa-da Harby bölüminiň tugraly möhür we serkerdesiniň goly bilen tassyklanan Ynanç haty esasynda ýüz tutmaly.
Ynanç haty bilen ýüz tutýan raýat öz pasportynyň asyl nusgasyny hökman görkezmeli.

14/02/2018

Community of Turkmen students

Kapitalizmiň toslama günleri
Döwrümizde Walentina ýada Söýgüliler güni hökmünde esasan hususy sowgatlyk dükanlary tarapyndan aşyry derejede mahabatlandyrylan bu toslama gün aslynda biz Musulman we Türkmen jemgyýeti üçin adaty günlerden biridir.
14-nji fewral ýüzlerçe ýyl mundan öň zyna eden iki ýaş ýetginjege ýardam etmekde aýyplanyp öldürilen sözde keramatly Hristiýan Katolik mezhepi ruhanysy Walentinanyň öldürilen günüdir. Bu güniň ne yşg ne de söýgi bilen bir baglanşygy ýokdur.
Söýgi mukaddesdir. Söýginiň belli bir güni ýada sagady ýokdur. Janlylar dünýäsinde howa ýaly zerurlykdyr we her dürli ýaman niýetden uzakdyr.

04/02/2018
03/02/2018

Bilim Ministrligi : Daşary Ýurda Okuwa Gidýänlere
Türkmenistanyň Bilim Ministrligi tarapyndan berilýän maglumata laýyklykda okuw maksatly daşary ýurda gidýän Türkmenistanyň raýatlary bu ýagdaýy hasaba aldyrmalydyr.
Daşary ýurda okuwa gidýän talyplarymyz bu ýagdaýy raýatyň hemişe ýaşaýan welaýatynyň Baş bilim müdirliklerinde we etrap bilim bölümlerinde hasaba aldyrmalydyr. Paýtagtyň ýaşaýjylary bolsa, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginde hasaba alynýar.

Gerekli Resminamalar :
Täze okuwa gidýänler üçin:
Çakylyk hatynyň nusgasy,
Wizasynyň nusgasy
Raýat pasportynyň nusgasy we özi
Daşary ýurda gitmek we gelmek üçin pasportynyň (zagranpasport) nusgasy we özi
Öň okuwyna dowam edýänler üçin:
Talyp şahadatnamasynyň nusgasy we özi
Raýat pasportynyň nusgasy we özi
Daşary ýurda gitmek we gelmek üçin pasportynyň (zagranpasport) nusgasy we özi
Resminalaryň Terjimesi üçin

Makul Hyzmat Terjime Merkezine Ýüz Tutup Bilersiňiz
Aşkabat, Oguzhan-Ankara Caddesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4. Kat, 401
E: Mail Adres : [email protected]
Telefon : +993 63 78 96 73 (Türkmenistan)
Resmi Line ID :
Resmi Line Hesabı : https://line.me/R/ti/p/%40makulhyzmat

Türkiýede okamak üçin maslahat almak üçin
Atawatan Danyşmanlyk LTD ýüz tutup bilersiňiz
Habarlaşmak üçin
Stambul, Güneşli Mah, Kırazlı Cad. Önka İş Merkezi, N 8 D/116, Güneşli-Stambul
E: Mail Adres : [email protected]
Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)
Telefon : +90 212 550 61 49 (Türkiye)
Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habar Agentligi (ATHA)

03/02/2018
02/02/2018

Migrasiýa Gullugy : Bäş Sorag- Bäş Jogap
Sorag: Men Türkmenistanyň raýaty. Russiýa Federasiýasyna göçüp gidýän adamyň statusy boýunça hemişelik ýaşamaga göçüp gitdim. Men Türkmenstana dolanyp barasym gelýär. Meniň ata- watanyma dolanyp barmaga hakym barmy?
“Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda Türkmenistandan gitmek hakynda arza bilen ýüz tutan Türkmenistanyň raýatlary we olaryň maşgala agzalary, şeýle hem hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistandan giden Türkmenistanyň raýatlary hemişelik ýaşamaga ýa-da belli bir wagtlyk Türkmenistana yzyna gaýdyp gelenlerinde, Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kepillendirilýän ähli hukuklardan peýdalanýarlar we kanunda göz öňünde tutulan borçlary çekýärler.
Sorag: Men Türkiýe Respublikasynyň raýaty Aşgabat şäherinde gurluşyk işini alyp barýan bir Türk kompaniýasynda inžener bolup işleýärin. Meni Türkmenistanda iş alyp barýan başga bir Türk kompaniýasy ýokary aýlykly bir işe çagyrýar. Men başga bir kompaniýada nähili ýagdaýda işläp bilerin?
Sizi täze işe çagyrýan kompaniýa siz üçin iş rugsatnamasyny Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyndan resmileşdirýär. Siz hem şol iş rugsatnamasy esasynda köne kompaniýaňyzdan işden çykyp, täze kompaniýada işläp bilersiňiz.
Sorag: Men Russiýa Federasiýasynyň raýaty adamymyň çakylygy esasynda hususy wiza esasynda Aşgabat şäherinde hasaba durup ýaşaýaryn. Men nähili ýagdaýda Türkmenistanda işläp bilerin?
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan resmileşdirilen iş rugsatnamasy esasynda Türkmenistanyň çäginde işläp bilersiňiz?
Sorag: Men Özbegistanyň raýaty, adamymyň çakylygy esasynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde hasaba durup ýaşaýaryn. Meniň gaýyn enem we gaýyn atam Mary şäherinde ýaşaýarlar. Men şolaryň ýanyna çagalarym bilen wagtlaýyn gidip gelmäge hyýallanýaryn. Men nähili ýagdaýda Mary şäherine hususy maksat bilen gidip-gelip bilerin?
Türkmenistana hususy işler bilen gelen daşary yurt raýatlary üç günden köp möhletli (on bäş günden az bolan) gezelenjiň bir gün öňünden hasaba duran migrasiýa edarasyna habar bermek arkaly başga bir ýere gidip bilerýärler.
Sorag: Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty haýsy möhletlerde resmileşdirilýär?
Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin biometriki maglumatly pasporty 5 ýyla çenli möhlet bilen resmileşdirilýär.
Migrasiýa bilen has giňişleýin maglumat üçin
Atavatan Danışmanlık LTD (Stambul) şereketine ýüz tutup bilersiňiz!
Habarlaşmak üçin
Stambul, Güneşli Mah, Kırazlı Cad. Önka İş Merkezi, N 8 D/116, Güneşli-Stambul
E: Mail Adres : [email protected]
Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)
Telefon : +90 212 550 61 49 (Türkiye)
Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habar Agentligi (ATHA)

31/01/2018

Migrasiýa Gullugyndan: Köp Soralýan Soraglara Jogaplar
Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy tarapyndan köp soralýan soraglara jogaplar geldi. Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň resmi web saýtynda olar barada maglumat ýaýradyldy.
Ine şol soraglardan käbirleri we jogaplary :

Sorag: Men daşary ýurtda okaýaryn we mende ygtyýarly edaralar tarapyndan resmileşdirilen içerki Türkmenistanyň raýatynyň pasporty bar. Men agzalan pasport esasynda Türkmenistanyň çägine girip bilýärinmi?

Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň çägine Türkmenistanyň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen Türkmenistanyň raýatynyň pasporty esasynda gelip bilýärler.
Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlara diňe Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasporty esasynda gidip bilýärler.

Sorag: Russiýa Federasiýasyndan ýaşan ýakyn doganymy Türkmenistana çagyrmak üçin nirä ýüz tutmaly we haýsy resminamalary tabşyrmaly?

Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda daşary ýurt raýatlary, Türkmenistana gelmek üçin wiza esasynda Türkmenistanyň çäklerine gelip we onda bolup bilerler. Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar, şeýle hem olary çagyrýan ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistana gelmek üçin we Türkmenistandan gitmek üçin wizalary resmileşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna:

◦Türkmenistanyň çäklerinde - Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýerlerdäki degişli bölümleriniň üsti bilen;
◦Türkmenistanyň çäklerinden daşarda - Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilçilikleriniň we konsullyk edaralarynyň üsti bilen ýüz tutýar.

Fiziki şahslar tarapyndan daşary ýurt raýatyna çakylygyň resmileşdirilmegi üçin aşakdaky resminamalary tabşyrýarlar:

1) Bellenen görnüşdäki arza 3 nusgada;
2) Çagyrýan we çagyrylýan adamynyň pasportynyň göçürme nusgasy;
3) Garyndaşlygyny tassyklaýan resminama;
4) Çagyrmagynyň maksadyny tassyklaýan resminama (eger-de bar bolsa).

Sorag: Kämillik ýaşyna ýetmedik raýatyň özi okuwa gitjek bolanda, onuň ýurduň çäginden gitmeginiň tertibini düşündiriň?

“Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlary öz ata-eneleriniň ýa-da beýleki kanuny wekiliniň biri bilen ýurduň çäginden gidip bilerler, şunda ata-eneleriniň beýlekisiniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy bolmalydyr.

Türkmenistanyň 18 ýaşyna ýetmedik raýatlary ýany bilen gidýän adamyň adyna öz kanuny wekilleriniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy boýunça şol wekiller ýany bilen gitmezden Türkmenistandan gidip bilerler. Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýaty ýany bilen hiç kim gitmezden Türkmenistandan gidýän halatynda, onuň ýanynda kanuny wekilleriniň şol raýatyň gitjek senesini we barýan ýurduny görkezýän we kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy bolmalydyr.

Sorag: Türkmenistanyň raýatyna daşary ýurda gitmek üçin nähili resminamalar gerek?

“Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlary barylýan ýurduň wizasy bar mahaly Türkmenistanyň Döwlet serhedinde ýerleşen, halkara gatnawlary üçin açyk bolan gelip-gidýänlere gözegçilik postlarynyň üstünden Türkmenistandan gitmäge hukuk berýän hakyky resminamalar boýunça Türkmenistandan gidýärler, şunda olaryň pasportlarynda ýa-da pasportlarynyň ornuny tutýan resminamalarynda Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçmegiň senesi hakyndaky möhürçe arkaly bellik edilýär.

Habarlaşmak üçin
Stambul, Güneşli Mah, Kırazlı Cad. Önka İş Merkezi, N 8 D/116, Güneşli-Stambul
E: Mail Adres : [email protected]
Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)
Telefon : +90 212 550 61 49 (Türkiye)
Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habar Agentligi (ATHA)

28/01/2018

Migrasiýa Gullugyndan Daşary ýurtlarda okaýan talyplara

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň resmi web saýty www.migration.gov.tm da daşary ýurtlarda okaýan Türkmen talyplar üçin käbir peýdaly maslahatlar çap edildi.

1) Okamak maksady bilen daşary ýurtlara gidýän Türkmenistanyň raýatlary okaýan ýeriniň (ýurdunyň) Türkmenistandaky ilçihanasyndan talyp wizalaryny resmileşdirip, Türkmenistandan gitmäge we Türkmenistana gelmäge hukuk berýän hem-de Türkmenistanyň raýatynyň şahsyýetine güwä geçýän resminamalar boýunça ýurdumyzyň Döwlet serhediniň migrasiýa gözegçilik postunyň üsti bilen daşary ýurtlara gidýärler.

2) “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlary öz ata-eneleriniň biri ýa-da beýleki kanuny wekiliniň biri bilen ýurduň çäginden gidip bilýärler, şunda ata-eneleriniň beýlekisiniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy bolmalydyr.

Türkmenistanyň 18 ýaşyna ýetmedik raýatlary ýany bilen gidýän adamyň adyna öz kanuny wekilleriniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy boýunça şol wekiller ýany bilen gitmezden Türkmenistandan gidip bilerler. Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýaty ýany bilen hiç kim gitmezden Türkmenistandan gidýän halatynda, onuň ýanynda kanuny wekilleriniň şol raýatyň gitjek senesini we barýan ýurduny görkezýän we kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy bolmalydyr.

Kanuny wekili bolmadyk mahalynda kämillik ýaşyna ýetmedik raýatyň gitmegine hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan rugsat berlip bilner.

Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýaty sport ýaryşlaryna, bilim bäsleşiklerine, medeni-köpçülikleýin, aýdym-saz we beýleki çärelere gatnaşmak, şeýle hem saglygyny bejertmek we okuw maksatlary bilen we beýleki ýagdaýlarda kanuny wekiliniň ýa-da başga adamyň ýanynda bolmagynda, onuň kanuny wekilleriniň biriniň kepillendiriş tertibinde tassyklanylan ynanç haty boýunça Türkmenistandan gitmäge haklydyr.

3) Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletinde bilim almagy üçin olaryň ýanynda okuw mekdebiniň degişli tassyknamasy ýa-da çakylyknamasy raýatyň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça bilim edarasynda hasaba alnandygy barada güwänamasy bolmalydyr.

4) Daşary ýurduň okuw jaýy tarapyndan berlen çakylykda okuwyň görnüşi (gündizki ýa-da gaýbana, tölegli ýa-da tölegsiz) baradaky maglumatlar görkezilmedik ýagdaýynda, daşary ýurda okuwa barýan Türkmenistanyň raýaty bu maglumatlary öňünden aýdyňlaşdyrmalydyr.

5) Daşary ýurtlarda bolýan raýatlarymyz özüniň Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny örän aýawly saklamalydyrlar. Elektron maglumaty özünde jemleýän pasportlary mikrosistemalaryň we elektromagnit tolkunly enjamlaryň ýanynda goýmak, ýokary temperaturaly we çygly ýerlerde saklamak pasportyň zaýalanmagyna getirip biler.

6) Türkmenistanyň raýaty pasportyny ýitiren halatynda Türkmenistana gaýdyp gelmek üçin şahsyýetini tassyklaýan resmi namasy Türkmenistana gelmäge hukuk berýän resmi nama bolup durýar, ony Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary berýär.

7) Türkmenistanyň çäklerinden daşary gidýän Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwletiň goragy we howandarlygy kepillendirilýär.

Kaynak : Atavatan Türkmenistan Haber Ajansı (ATHA)

Address


Turkmenbashy
Ashkabad
+993